• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmen-ýapon gepleşikleriniň netijesinde 15 resminama gol çekildi

    Aprel.16.2025

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen gepleşikler geçirdi.

Gepleşikleriň netijesinde 15 sany resminama gol çekildi. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba tarapyndan gol çekilen Bilelikdäki Beýanatyna esaslanyp,habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, gol çekilen resminamalar daşky gurşawy goramak, bilim, senagat ugurly önümçilik we suw hojalygy desgalaryny gurmak, salgyt hem-de maýa goýum ýaly hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýar.

Habaryň çeşmesi