Aprel.09.2025
8-nji aprelde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa sebiti boýunça müdirliginiň täze bellenen ýolbaşçysy Georgiý Koçarýanyň arasynda tanyşlyk duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň ilçihanasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ulag-aragatnaşyk boýunça gatnaşyklarynyň ösüp barýandygy nygtaldy hem-de bu ugurlary geljekde hem toplumlaýyn ösdürmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde Ýerewan şäherinde geçiriljek syýasy geňeşmeleri guramak meselesine hem degip geçildi.