Fewral.15.2025
Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiň okuw binasynda Binagärlik-taslama maksatly döredijilik sergi bäsleşigini her ýyl geçirmegiň däbe öwrülendigini bellemek gerek. Çäre ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge, täze döwrüň binagärlik taslamalaryny, iň oňat milli binagärlik däplerini hem-de häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy tejribesini özünde sazlaşykly utgaşdyrýan ajaýyp nusgalary döretmek ussatlygyny kämilleşdirmäge ymtylýan zehinli ýaşlaryň ünsüni çekýär. Döredijilikli sergi bäsleşigi binagärlik ulgamynda ýaşlaryň milli we innowasion taslamalaryna garamak we olara baha bermek, ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini terbiýelemek, ýurdumyzyň binagärligini we şähergurluşygyny mundan beýläk-de, kämilleşdirmek üçin ýaşlary ylma we döredijilige çekmek, ylmy barlaglary özbaşdak geçirmäge, çylşyrymly wezipeleri çözmäge hem-de innowasion tehnologiýalary başarnykly ulanmaga ukyply has zehinli gatnaşyjylary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.