Aprel.09.2025
Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň Ženewa saparynyň çäklerinde Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSG bilen häzirki gatnaşyklaryny we geljekde hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini, şol sanda Türkmenistanyň guramanyň düzümine goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.
BSG-niň Baş direktory Türkmenistan tarapyndan edilýän tagallalara hem-de gurama agza bolmak boýunça görkezilýän ýokary derejedäki çemeleşmä oňyn baha berdi. Ngonzi Okonjo-Iweala Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurda görkezýän strategik goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna goşulmak ugrunda ädýän ädimleriniň çäklerinde iki tarapyň hem hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine taýýardygy tassyklanyldy.