• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Duşenbede Türkmenistanyň we Pakistanyň ilçileri duşuşdylar

    Fewral.17.2025

Ýakynda Duşenbede Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýmyrat Goçmyradow Pakistan Yslam Respublikasynyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Saeed Sarwar bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada diplomatik gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalanýandyny tassyklap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem energiýa, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

Taraplar medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde konstruktiw gepleşikleri we işjeň gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle-de Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm rol oýnaýandygy nygtaldy.

Habaryň çeşmesi