Aprel.03.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory Huseýn Al-Musallamy hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriň Assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tanini kabul etdi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhmanlar Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkara derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanlary mähirli mübärekläp, olaryň şu gezekki saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň işjeň gatnaşyjysy bolup durýandygyny aýtdylar.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara sport guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Sport desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, türgenler üçin amatly şertleri döretmek, halkara ýaryşlary geçirmek Türkmenistanyň sport syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şu duşuşygyň hem sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak we Olimpiýa hereketini ösdürmäge goşant goşmak babatda möhüm ädimdigi bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriň Assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge we Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga ýardam berýändigini belläp, bu guramalaryň ýolbaşçylarynyň Aşgabada amala aşyrýan saparynyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.