• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Prezidenti «IGNFI» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

    Sentýabr.28.2025

Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin gelen «IGNFI» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumony hem kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işewür duşuşykda türkmen döwletiniň Baştutanyny ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini, Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary baha mynasypdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentimiz mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, işewüriň şu saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalary, ilkinji nobatda, baý tejribesi we kämil tehnologiýalary bolan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, «IGNFI» kompaniýasyny hem şolaryň hatarynda belledi. Nygtalyşy ýaly, pudagyň sanlylaşdyrylmagy durnukly oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem takyk ekerançylyk we agronomiýanyň durnukly usullary ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmaga şert döredýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Işewür Türkmenistanda oba hojalyk pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «IGNFI» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirip, kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Habaryň çeşmesi