• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

    Sentýabr.27.2025

Şu gün Türkmenistanda ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň hem-de syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýaşulular, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň, döwlet berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasynyň etegine gül goýdy.

Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem Garaşsyzlyk binasyna gül goýdular.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki giň meýdanda guralan dabaralara gatnaşdy we bu ýerde şanly senäniň hormatyna geçirilen dabaraly harby ýörişe, baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etdi.

Habaryň çeşmesi