• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanda 2 müňden gowrak bankomat ilata hyzmat edýär

    Iýul.08.2025

Türkmenistanyň bank ulgamynda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna 2 131 sany bankomatlar hasaba alynypdyr. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasaba alnan bankomatlaryň 447-si Aşgabat şäherinde, 11-si Arkadag şäherinde we 246-sy Ahal welaýatynda ilata hyzmat edýär. Şeýle hem, Balkan welaýatynda 274, Daşoguz welaýatynda 279, Lebap welaýatynda 432 we Mary welaýatynda 442 bankomatlar bar.

Türkmenistanda iň kän bankomat Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna degişlidir. Bu bank ýerlerde 1 022 sany bankomaty ýerleşdirdi.

2024-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda ornaşdyrylan bankomatlaryň üsti bilen 25 332 491 440.00 manat böçberinde nagt pul serişdeleri çekildi diýlip, habarda bellenilýär.

Habaryň çeşmesi