Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif 12-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Leghari «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetine çap edilen makalasynda habar berdi.
«Hormatly Premýer-ministr Şahbaz Şarifiň şu ýyl halkara foruma gatnaşmak üçin amala aşyrjak sapary Pakistanyň Türkmenistanyň Hökümetine goýýan hormatynyň subutnamasydyr» diýip, diplomat belleýär.
Ilçiniň bellemegine görä, Türkmenistanyň we Pakistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasy bolup umumy ykdysady we energetika gyzyklanmalary çykyş edýär. TOPH gaz geçirijisi hem-de TOP elektrik geçirijisi ýaly bilelikdäki taslamalar iki ýurduň energetika ulgamyndaky ýakynlaşmagynyň möhüm şerti boldy.
F.Leghari öz makalasynda Pakistanyň Türkmenistanyň strategik energetika serişdelerine we sebitleýin energetika syýasatyny kemala getirmekdäki öňdebaryjy oruna ýokary baha berýändigini aýratyn nygtaýar.
«Merkezi Aziýa üçin garaýyş» syýasatynyň çäginde Pakistan Türkmenistany Karaçi we Gwadar portlary arkaly Pakistanyň içerki bazarlary bilen baglanyşdyrýan täze söwda we ulag ugurlaryny döretmegi teklip etdi.