• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

    Sentýabr.22.2025

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

"Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir we Siz onuň ösdürilmegine uly goşant goşýarsyňyz. Biz dostlukly halklarymyzyň hem-de Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara meseleler boýunça bilelikdäki işimizi dowam etdireris" diýip, Prezident Wladimir Putin gutlag hatynda belleýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw edýär.

Habaryň çeşmesi