• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanda «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna baryp gördi

    Aprel.21.2025

Gazagystan Respublikasyna amala aşyrýan dostlukly saparynyň çäklerinde şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen bile «Karavansaray Turkistan» syýahatçylyk toplumyna hem baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, «Karavansaray Turkistan» Gündogar ertekisi äheňinde gurlan syýahatçylyk toplumydyr. Bu ýerde myhmanlar Türküstanyň taryhy, senetçiligi, medeniýeti we sportuň milli görnüşleri bilen tanşyp bilýärler. Toplumyň çäginde 115 otagly döwrebap myhmanhana ýerleşýär.

Toplumdaky söwda-dynç alyş merkezleri ýylda 300 müň syýahatçyny kabul edip bilýär. Şeýle hem bu ýerde dürli attraksionlar, şol sanda tomaşaçylary ertekiler dünýäsine syýahat etdirýän 3D tehnologiýaly attraksionlar hereket edýär. Özboluşly binagärlik äheňinde ýerine ýetirilen söwda zolaklarynda dünýä belli brendleriň dükanlary ýerleşýär. Dürli konsepsiýaly myhmanhana, söwda zolaklary, şeýle hem bu ýerde guralýan medeni çäreler dürli ýurtlardan syýahatçylary özüne çekýär.

«Hazret Sultan» milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hemmeler bilen hoşlaşyp bu ýerden ugradylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystana sapary dowam edýär.

Habaryň çeşmesi