• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Bitaraplyk — abadançylygyň ýoly.

    Dekabr.19.2025

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dowam etdirilmegi netijesinde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara ähmiýeti yzygiderli ýokarlanýar. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň biragyzdan goldamagy bilen, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy. Ählumumy derejede halkara parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berip, dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary esasynda 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bu gurama girýän 193 döwletiň ählisi tarapyndan makullanyp, ikinji gezek ykrar edildi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy netijesinde, Garaşsyz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda öňdebaryjy orunlara çykýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek tassyklanmagy eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň Türkmenistana bolan ynamyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen gymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriňdir halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda türkmen halkynyň sungatyň dili bilen adamzady parahatçylyga çagyrýan nusgawy eserleri barada giňişleýin düşünje berilýär. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem halkymyzyň baý taryhyny, şu günümiziň üstünliklerini, ynsanperwer ýörelgelerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar. Biz ýaşlar döwrümiziň belent sepgitlerinden, hormatly Prezidentimiziň asylly işlerinden ruhlanyp, Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk çagyryşlaryny kalbymyzda göterýäris. Goý, bütin adamzadyň abadan durmuşyna gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurdumyzy gülledip ösdürmek ugrundaky tagallalary rowaçlyklara beslensin!

Ýagmurowa Madina