Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň her bir güni şanly senelere beslänýär.Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda biz talyplara hünär öwretmekde dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerden peýdalanýarys.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çar künjüni bezäp oturan Derýaçylyk orta hünär okuwmekdebimizde hemher ýyl dürli ugurlardan müňläp hünärmen ýetişdirýäris. Talyplara döwrebap bilimbermekde dürli işleri amala aşyrýarys. Şonuň üçin hem geçilen sapaklar düşnükli bolar ýaly talyplary tejribelik gezelençlere alyp gidip, praktiki usul bilen hemöwredýäris. Ynha, bu günki hemmen öz okadýan dersimboýunça “Iş dolanşygyny guramak we arhiw işi” hünäriniň talyplaryny welaýat arhiwine tejribeçilik sapagyny geçmek üçin alyp gitdim. Şonda arhiwde talyplary arhiwiň işgärleri güler ýüz bilen garşy aldy. Aýratynamarhiwiň ylmy maglumat apparaty boýunça uly ylmy işgäri Maral Çaryýewa talyplary aýawhanalara aýlap, olar bilen söhbet we düşündiriş işlerini geçdi. Onuň berýän maglumatlaryna görä:
-“Lebap welaýat arhiwi 1940- njy ýylyň mn 25- njiýanwarynda döredilipdir. Bu arhiw başda 28 gazna bilen döredilip, häzirki wagtda 1300- e golaý gazna bar. Arhiwde saklanýan resminamalar esasan üç döwre bölünip, olar: taryhy döwür, sowet döwri, Garaşsyzlyk döwri diýlip atlandyrylýar. Arhiwde 3sany aýawhana , resminama dikeldiş otagy, durmuş- hukuk häsiýetli ýüz tutmalary ýerine ýetirýän bölümwe ylmy- maglumat apparaty bölümleri bar. Ondan başga- da her aýawhanalarda kartotekalarbar.Edaralardan,kärhanalardan, guramalardan hemişelik saklawa kabul edilen resminamalar aýawhana geçmezinden öň, dizinf eksiýa işleri geçirilip, soň resminamalar kabul edilýär we aýawhanalarda her gün arassaçylyk işleri geçirilýär.”
Arhiwde talyplar resminamalaryň dürli görnüşleri bilen tanyşyp, “Hatyra” we “Şöhrat” kitaplary okap we öz gyzyklanan soraglaryny Maral Çaryýewa bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Bu talyplar üçin ýatdan çykmajak söhbetdeşlik bolandyr diýip umyt edýärin. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag we tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Ýazowa Maýsa