• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

    Mart.05.2026

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

4-nji martda bolan duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň çäklerinde syýasy, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde sazlaşykly we özara goldawly gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň iki ýurduň umumy bähbitlerine doly laýyk gelýändigini bellenildi. Şol bir wagtda taraplar iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Habaryň çeşmesi