• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Daşary işler ministri Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen duşuşdy.

    Fewral.26.2026

25-nji fewralda günüň Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

R.Meredow ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şol sanda abraýly maliýe institutlary we karz-bank düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Bankyň prezidenti ýolbaşçylyk edýän maliýe düzüminiň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Halkara Gündogar — Günbatar ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek meselesine aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy bu ugurda başlangyçlara gatnaşmak boýunça Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

Şeýle hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bellenildi. Bu babatda durnukly energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän taslamalara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Habaryň çeşmesi