• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmen okuwçylary Şanhaýda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.

    Iýul.22.2026

Türkmen mekdep okuwçylarynyň altysy 10–21-nji iýul aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilen 67-nji Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşdy.

Olimpiadanyň jemleri boýunça Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky 40-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow kümüş medala mynasyp boldy.

Bürünç medallary bolsa Aşgabat şäherindäki 49-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow hem-de şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow gazandy.

Halkara bäsleşigine 119 ýurtdan zehinli okuwçylaryň 685-si gatnaşdy — diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Habaryň çeşmesi