• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Gurbanguly Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogany Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

    Iýun.30.2026

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Rejep Taýyp Ärdogan türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary — syýasy-ykdysady, söwda, ulag-aragatnaşyk, ýangyç-energetika, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti birek-birege iň gowy arzuwlaryny etdiler.

Habaryň çeşmesi