• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistan «Bitewi Hytaý» syýasatyny goldaýandygyny tassyklady.

    Maý.18.2026

Türkmenistan «Bitewi Hytaý» syýasatyny goldaýar we Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini tassyklaýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy tarapyndan paýlaşylan beýanatda bellenilýär.

«Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek tassyklaýar.

Türkmenistan «Bitewi Hytaý» syýasaty babatda öz ýörelgeleýin garaýşyna berk eýerýär, «Taýwanyň garaşsyzlygy» bilen bagly islendik görnüşlere garşy çykyş edýär, Taýwan bogazynyň iki kenarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň parahatçylykly ösdürilmegini, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň ýurdy birleşdirmek ugrunda edýän ähli tagallalaryny goldaýar» diýlip, beýanatda nygtalýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, onuň esasy ýörelgeleriniň biri döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmakdan ybaratdygyny nazara alyp, öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar.

Habaryň çeşmesi