
Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerine 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly eneleriň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurtda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli kabul edildi.