• Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi
  • +993(422)74452
  • TSH.DOHOM@derya-ohom.edu.tm
Türkmenistanyň Tailanddaky ilçisi Bangkokda birnäçe duşuşyklary geçirdi.

    Fewral.16.2026

Ýakynda Tailandda akkreditirlenen (rezidensiýasynyň Kuala-Lumpurda ýerleşmegi bilen) Türkmenistanyň ilçisi M. Maşalow 11-nji we 13-nji fewralda Bangkokda birnäçe gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, 11-nji fewralda onuň Tailandyň daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeo bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekde ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň arasynda ýokary derejeli saparlary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny belläp, taraplar iki tarapyň hem kabul ederlikli hasaplaýan hökümetara hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda Bangkokda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde ikitaraplaýyn maslahatlaryň geçirilmeginiň mümkinçilikleri gözden geçirildi.

13-nji fewralda türkmen diplomaty Tailandyň Söwda edarasynyň wise-prezidenti Suparak Çomçan bilen duşuşdy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň alyp barýan işleri barada gysgaça maglumat berdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň milli öndürijileri we eksportçylary halkara bazarlara çykmakda işjeň goldaýandygy, şeýle hem halkara maslahatlaryny we sergilerini Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda gurnap gelýändigi nygtaldy. Tailand tarapy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Şol gün Maşalow Tailandyň Migrasiýa gullugynyň baş edarasynda Migrasiýa býurosynyň komissary, polisiýanyň general-leýtenanty Panumas Bunýalag bilen hem duşuşdy. Tailand tarapy migrasiýa hyzmatdaşlygy boýunça giň goldaw bermäge taýýardygyny mälim etdi. Iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek islegi tassyklandy. Türkmen tarapy migrasiýa pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklibi bilen çykyş etdi. Hususan-da, bikanun migrasiýanyň öňüni almak, degişli kanun bozmalara garşy göreşmek hem-de halkara kadalara laýyklykda goraga mätäç adamlara amatly şertleri döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar yzygiderli aragatnaşygy saklamak barada ylalaşdylar.

Ýatladyp geçsek, ozal biz Tailandyň Patyşasy Maha Waçiralongkornyň Türkmenistana sapar etmäge isleg bildirendigi barada habar beripdik.

Habaryň çeşmesi